15 – 19-njy iýun aralygynda Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşy geçiriler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa halkara ýaryşa taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrüljek bu ýaryşa dünýäniň köp sanly döwletlerinden, şeýle-de Türkmenistandan 8, 10 we 12 ýaşly türgenler gatnaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da ýokary derejelere galdyrmak, türkmen sportuny ösdürmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, dürli derejedäki halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň arasyndaky halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Aşgabatda halkara ýaryşlary ilkinji gezek geçirilmeýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly üstünlikli geçirildi, oňa 62 döwletden, şol sanda Okeaniýa ýurtlaryndan 5000-den gowrak güýçli türgenler gatnaşdy, 2018-nji ýylda bolsa gadymy Beýik Ýüpek ýolnyň ugry boýunça «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi.
2023-nji ýylyň iýun aýynda türkmen paýtagtynda tennis boýunça 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda ikinji gezek Merkezi Aziýa birinjiligi geçirilip, bu ýaryşda alty ýurtdan – Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Türkmenistandan ýaşajyk türgenler bäsleşdiler. Şol ýylyň noýabr aýynda bolsa, Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlanan 4 yklymyň 45 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty geçirildi, bu ýaryşda türkmen türgenleri 15 agram derejesinde çykyş edip, jemi 15 medal – 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç gazandylar.
2024-nji ýylda Türkmenistanda GDA agza ýurtlaryň we beýleki döwletleriň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş hem ýurdumyzyň sport senenamasynda möhüm orun aldy. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda ýene bir wekilçilikli ýaryş guraldy – Azerbaýjan, Owganystan, Belarus, Gruziýa, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlardan türgenleriň gatnaşmagynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy geçirildi.
Aşgabat türkmen sportunyň taryhynda ýatdan çykmajak waka öwrülmegine garaşylýan ýene bir iri ýaryşy geçirmäge taýýarlanýar.